12月30日的Zaman Türkmenistan应用程序分析
Zaman Türkmenistan
- Wepa Amandurduyew
- Apple 应用商店
- 免费
- 新闻
“Zaman-Türkmenistan” gazeti 1992-nji ýylyň noýabr aýynda döredilip, ýurdumyzdaky
täzelikleri, şol sanda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki
ugurlarda dünýäniň dürli künjeginde bolup geçýän täzelikleri, gyzykly we täsin wakalary
gyzgyny bilen okyjylara ýetirýär. “Zaman-Türkmenistan” gazeti ilki neşirýat kärhanasy,
2004-nji ýylda jogapkärçiligi çäkli bileleşik, 2007-nji ýyldan bäri bolsa, hojalyk
jemgyýeti hökmünde iş alyp barýar.
“Zaman-Türkmenistan” gazetiniň döredijilik topary hormatly Prezidentimiziň döredip
beren ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okyjylar köpçüliginiň söýgüsini
gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Döredijilik topary milli Liderimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler
maksatnamalaryny türkmen halkyna hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň okyjylaryna
ýetirmek maksady bilen şanly senelere bagyşlap, ýörite sanlary taýýarlaýar. Ýörite
sanlaryň halk köpçüliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolmagy gazetiň işgärleriniň yhlasly
zähmet çekmegine höweslendirýär.
Döredijilik toparymyz dürli döwürde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 7-nji
oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň
döredijilik topary 2010-njy ýylda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň
aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn
asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
“Zaman-Türkmenistan” gazeti hepdelik neşir bolup, 2005-nji ýyldan bäri internet saýty
arkaly dünýäniň ähli ýerindäki okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Gazetimiziň internet
saýtynyň yzygiderli täzelenýär. Şeýle hem okyjylar smartfonlar üçin döredilen
applikasiýadan peýdalanyp bilýärler. Türkmenistanyň Metbugat merkezinde çap edilýän
gazet “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzyň ähli
welaýatlaryna ýaýradylýar.
商店排名
商店排名基于 Google 和 Apple 设置的多个参数。
所有品类在
美国--
新闻在
美国--
创建账号以查看平均每月下载量联系我们
动态Zaman Türkmenistan排名统计
Zaman Türkmenistan的 Similarweb 使用排名和Apple 应用商店排名
排名
没有可用的数据
十二月 30, 2025